radio wave radio source
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany
HABARLAR


Döwlet baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmäge, sanly hyzmatlary ösdürmäge we döwletimiziň tehnologik garaşsyzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirýär. 


Ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň gurluşy, maddy-tehniki we hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär, ylmy-tehniki özgertmeler hem-de iri taslamalar durmuşa geçirilýär.


Şonuň bilen baglylykda, köpugurly sanly gurşawy döretmegiň çäklerinde Türkmenistanda Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynda elektron resminamalary pudagara alyşmak hakynda Birkysmy ylalaşyk we Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň operatory bilen Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň gatnaşyjysynyň arasyndaky Birkysmy şertnama tassyklandy.


Bu resminamalar Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň hereket etmeginiň tertibiniň talaplaryny, şeýle hem bu ulgam arkaly elektron resminamalary pudagara alyşmagyň, şol sanda elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlarynyň arasynda resminama we maglumat alyşmalaryny amala aşyrmagyň umumy ýörelgelerini kesgitleýär. Resminamalarda olary baglaşýan taraplaryň borçlary, hukuklary, jogapkärçilikleri we özara maglumat alyşmagyň düzgünleri beýan edilýär. 


Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň operatory hökmünde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň garamagyndaky «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy çykyş edýär. Operator kiberhowpsuzlyk babatynda töwekgelçilikleri ýüze çykarmak we yzygiderli gözegçilik etmek, ulgama gatnaşyjylaryň işini utgaşdyrmak ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär. 


Bu ulgam ähli döwlet edaralarynyň awtomatlaşdyrylan elektron maglumatlar binýadynyň ýeke-täk ulgama birikdirilmegini we bitewi maglumat giňişliginiň kemala gelmegini üpjün edýär. 


Öňdengörüjilikli, parasatly başlangyçlary bilen döwletimizi dünýäniň innowasion ösen ýurtlarynyň hataryna goşmaga giň ýol açyp berýän, Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys!


Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

https://mincom.gov.tm/tk/news/15363/

24.04.2026, 16:04


e.gov.tm Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalynyň ulanyjylar sany artmagyny dowam edýär. Platforma işe girizilenden bäri döwlet aragatnaşyk hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini elektron formatda birleşdirdi.

Häzirki wagtda portalda 500-dan gowrak hyzmat elýeterlidir, bu bolsa ony raýatlar bilen döwlet edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy sanly guralyna öwürýär.

Portal ulanyjylar üçin amatlylygy we wagt tygşytlylygyny üpjün etmek bilen, onlaýn tertipde hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de mobil goşundy hem elýeterli bolup, ony Android we iOS platformalaryndan ýükläp alyp bolýar. e.gov.tm portalynyň interfeýsi aňsat we amatly bolup, dürli ýaşdaky ulanyjylar topary üçin düşnüklidir.

https://www.mincom.gov.tm/tk/news/15354/

02.04.2026, 16:04


Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew milli maglumatlary gaýtadan işlemek merkezini (Data Center) gurmak, emeli aň boýunça döwlet strategiýasyny işläp taýýarlamak hem-de «Türkmentelekom» kärhanasynyň esasynda ýöriteleşdirilen Emeli aň ösüş merkezini döretmek meýilnamalary barada habar berdi. Bu barada ministriň «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumda eden çykyşynda aýdyldy.

Giň gerimli sanly özgertmeler «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäginde alnyp barylýar. Resminama 5G tehnologiýalaryny, bulut hyzmatlaryny, uly maglumatlary (big data), zatlaryň internetini (IoT) we fintehi ornaşdyrmagy, şeýle hem elektron hökümeti, telemedisinany we uzakdan bilimi döwrebaplaşdyrmagy öz içine alýar.

Emeli aňy ulanmak arkaly synag taslamalary eýýäm dört pudakda — bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy we ýol hereketini dolandyrmak ulgamlarynda işe girizildi. Şol bir wagtda «akylly» Arkadag şäherinde öňdebaryjy sanly çözgütleri ulanmak arkaly gurluşygyň ikinji tapgyry dowam edýär; IT-merkezleri paýtagtda hem-de Arkadag şäherinde döredilýär.

Şeýle-de ministrligiň ýolbaşçysy uly daşary ýurt internet platformalary bilen elektron söwdany ösdürmek boýunça gepleşikleriň alnyp barylýandygyny habar berdi hem-de daşary ýurtly maýadarlary ýurduň sanly infrastrukturasyna maýa goýmaga çagyrdy. Ol muny aragatnaşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň «iň netijeli çözgütleriniň biri» diýip atlandyrdy.


https://mincom.gov.tm/tk/news/15343/

20.03.2026, 14:03


Ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, TMÝG-niň Meýletinçiler merkezi hem-de TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky Ýaş telekeçiler merkezi tarapyndan “Sessiz awtomatizasiýa: netijeliligiň täze tapgyry” atly leksiýa guraldy. Onda sanly çözgütler boýunça hünärmen Arslan Tekäýew, TSTP-niň “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy we TMÝG-niň Meýletinçiler merkeziniň geňeşçisi Merdan Ataýew şeýle-de uniwersitetiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Atamyrat Ylýasow dagylar çykyş etdiler.

Bu seminara talyp ýaşlar we mugallymlar işjeň gatnaşdylar. Gatnaşyjylar sanly tehnologiýalaryň iş proseslerini has netijeli, takyk we çalt guramaga nähili ýardam berýändigi barada maglumat aldylar.

Arslan Tekäýew çykyşynda awtomatizasiýanyň diňe uly "IT" toparlarynyň ýa-da daşary ýurt kompaniýalarynyň işi däldigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, iş prosesine içgin düşünýän ýerli hünärmenler hem sanly ulgamlary üstünlikli ornaşdyryp bilerler. Şeýle-de ol býujetleriň jemlenmegi, myhmanlary hasaba almak, iş saparlaryny tassyklamak ýaly administratiw işleriň el bilen ýerine ýetirilmeginiň köp wagt talap edýändigini hem-de ýalňyşlyklara getirip bilýändigini nygtady.

Hünärmen döredilýän ähli içerki sanly ulgamlaryň diňe içerki mümkinçilikleriň esasynda taýýarlanylýandygyny hem-de olaryň doly on-premise görnüşinde işleýändigini aýtdy. Şeýle çözgütler gaýtalanýan işleri azaltmaga, işgärleriň işini ýeňilleşdirmäge we umumy iş hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Leksiýanyň dowamynda awtomatizasiýanyň işgärleri çalyşmak üçin däl-de, olaryň işini goldamak, wagtyny tygşytlamak we netijeliligi ýokarlandyrmak üçin niýetlenmelidigi aýratyn bellenildi. Çäräniň ahyrynda geçirilen sorag-jogap sessiýasy sanly başarnyklar, awtomatizasiýa we hünär ösüşi boýunça gyzykly pikir alyşmalara öwrüldi.

Şeýle-de bu ýerde TSTP-niň “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy we TMÝG-niň Meýletinçiler merkeziniň geňeşçisi Merdan Ataýew çykyş edip, ýaşlaryň geljekde hünär saýlamagy hem-de önümçilik bilen bilimiň arasyndaky baglanyşygy berkitmegiň ähmiýeti barada durup geçdi. Ol häzirki döwürde bilim ulgamynyň önümçilik bilen sazlaşykly ösdürilmeginiň ýaş hünärmenleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýandygyny belledi.

Çäräniň dowamynda uniwersitetiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Atamyrat Ylýasow hem çykyş etdi. Ol 2026-njy ýylyň “’Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekip, ýurdumyzda ýaşlaryň bilimli, giň dünýägaraýyşly we ýokary ahlakly bolup kemala gelmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi.


https://tmcell.tm/tazelikler/1749


25.02.2026, 11:02


Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň hormatly işgärleri!

Sizi Watanymyzda her ýyl giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda hem döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak üçin täze, belent sepgitler kesgitlenildi. Siziň sebit we halkara gatnaşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge mynasyp goşandyňyzy goşjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Hormatly diplomatlar!

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ädimlerinden başlap, halkara gatnaşyklarda we daşary syýasatda Bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly binýatlyk ýörelgeleri saýlap aldy. Geçen ýyllaryň dowamynda döwletimiziň daşary syýasaty Türkmenistanyň milli bähbitlerine we Birleşen Milletler Guramasynyň esas goýujy maksatlaryna doly laýyk gelýändigini iş ýüzünde subut etdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we onuň Türkmenistanyň Hökümeti bilen netijeli işlemegi hem Bitaraplygyň parahatçylyk dörediji güýjüniň aýratyn ähmiýetini giňden açyp görkezýär.

Ýurdumyzyň halkara ähmiýetli teklipleriniň we ählumumy häsiýete eýe bolan başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ulgamyndaky möhüm Kararnamalaryň uly toplumynyň kabul edilmegi döwletimiziň bu abraýly gurama bilen strategik hyzmatdaşlygynyň netijeli mazmuna eýedigini görkezýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem bu hakykaty doly tassyklaýar. Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilen ýokary derejeli halkara forumyň jemleri Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny has-da artdyrdy, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatyny ýene-de bir gezek äleme ýaýdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz halkara borçnamalara hem-de halkara hukugyň ýörelgelerine berk we gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçiliklerini parahat durmuşyň, döredijilikli ösüşiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna durmuşa geçirýäris. 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyç bütin dünýäde parahatçylygyň diňe bir hukuk binýadyny däl, eýsem, onuň ruhy esaslaryny hem kämilleşdirýär. Bu ynsanperwer başlangyçlar halkara gatnaşyklarda özara hormat goýmak we adalatlylyk ýörelgelerini dabaralandyrmak bilen, ählumumy durnuklylygyň täze taryhy sahypasyny açýar.

Döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen birlikde, häzirki wagtda energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa, ýokary tehnologiýaly «ýaşyl» ykdysadyýet, medeni-ynsanperwer ulgam ýaly ähmiýetli ugurlarda iri halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda zerur şertler döredilýär. Hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu babatda döwletara we hökümetara derejede syýasy-diplomatik, halkara hukuk, söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly talap bildirilýär.

Türkmenistan bu gün ösüşiň belent sepgitlerini nazarlap, nurana geljege tarap ynamly öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur şertleri döredýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» ugur alyp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri daşary syýasatymyzda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi arkaly halkara gatnaşyklary kämilleşdirmäge çagyrýan nusgalyk syýasatymyzyň geriminiň giňeldilmegine, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende göterilmegine işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň milli bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramakda we halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyny artdyrmakda döwletimiziň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňünde goýlan möhüm wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirjekdiklerine berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri!

Sizi hünär baýramyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, döwletimiziň dünýä derejesindäki abraýyny has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.


 mincom.gov.tm/ru/news/15322/ 



18.02.2026, 11:02


Türkmenistan telekommunikasiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýar: 2028-nji ýyla çenli halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ugurlarynyň sany 11-e ýetiriler. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi ykdysadyýetiň sanly özgertmelerine gönükdirilen giň möçberli maksatnamany durmuşa geçirýär. 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň çäginde täze serhetüsti optiki-süýümli magistrallaryň gurluşygy meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi halkara aragatnaşygy ösdürmegiň iki esasy ugrunda işleri alyp barýar. Birinji ugur «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» optiki-süýümli aragatnaşyk ugrunyň gurluşygyny göz öňünde tutýar. Bu taslama üstaşyr maglumat akymlarynyň möçberini artdyrmaga hem-de Hindistanyň telekommunikasiýa hyzmatlary bazaryna çykmaga mümkinçilik döreder.

Ikinji strategik taslama Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar: «Türkmentelekom» we «Azertelekom» kompaniýalary Hazar deňziniň düýbi bilen suwasty optiki-süýümli aragatnaşyk ugruny çekýärler. Şol bir wagtyň özünde Etrek – Inçeburun hem-de Bekdaş – Temirbaba ugurlary boýunça ýerüsti magistrallaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi halkara optiki-süýümli birikmeleriň sanyny sekizden on bire çenli artdyrmaga we milli maglumat geçiriş ulgamynyň geçirijilik ukybyny birnäçe esse ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda möhüm maglumat-aragatnaşyk köprüsi hökmünde ornuny berkidýär.


https://www.mincom.gov.tm/tk/news/15319/

11.02.2026, 12:02
02.02.2026, 15:02


В Туркменистане в прошлом году утверждена новая Концепция развития цифровой экономики на 2026–2028 годы. Документ предусматривает внедрение передовых технологий, включая искусственный интеллект, облачные и финансовые решения, а также расширение системы «электронного правительства».

Принятие стратегии стало логичным продолжением предыдущей программы 2019–2025 годов, которая принесла позитивные изменения в различных отраслях экономики страны. Предыдущий этап цифровизации способствовал не только появлению новых сервисов и инноваций, но и расширению мировоззрения населения, росту интереса к современным технологиям.

Министерство связи Туркменистана уже развернуло масштабную работу по реализации новой Концепции. Ведомство сосредоточилось на совершенствовании систем «умного города», модернизации информационно-коммуникационной инфраструктуры и обновлении отраслевых мощностей.


https://mincom.gov.tm/ru/news/15309/

30.01.2026, 11:01