radio wave radio source
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany
HABARLAR


1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy.

Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli watançylyk, wepalylyk, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumy hem munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, bu toplumyň düýbüni tutmak dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda — Watan goragçylarynyň gününde geçirilipdi.

Irden toplumyň çäginde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Şanly waka mynasybetli bu ýere harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, harby ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, harby mekdepleriň okuwçylary ýygnandylar. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyzyň her ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okaldy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. “Ösüşleriň we özgerişleriň, döretmegiň, gurmagyň nusgalyk ýoly bilen ynamly öňe barýan häzirki beýik döwrümizde milli tejribelerimize eýerip, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirýäris. Bu özara baglanyşykly, toplumlaýyn işler ýurdumyzyň bilim binýadyny has-da berkitmek bilen birlikde, päk ahlakly, hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine oňyn täsir edýär”, diýlip Gutlagda bellenilýär.

“Biz geljekde hem ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin ähli şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns bereris” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar hem-de talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň yhlasly okap, zähmet çekip, döredijilikli gözleglerde bolmalydyklaryna, Watanymyzyň şan-şöhratyny belende götermelidiklerine ünsi çekýär.

Hormatly Prezidentimiz okuw we dolandyryş binasynyň öňündäki meýdança gelýär. Dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat berýär.

Soňra milli Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy ýaýbaňlandyrylýar. Onda halkymyzyň hakyky watançylygyň, edermenligiň we ýokary ynsanperwer gymmatlyklara ygrarlylygyň nusgasyna öwrülen görnükli şahsyýetleriniň keşpleri öz beýanyny tapdy. Harby orkestriň çykyşlary we Watan goragçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan watançylyk aýdymlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy, netijeli halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri hökmünde yglan eden Türkmenistan diňe goranyş häsiýetli, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmäge, Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler hem şu maksatlara gönükdirilendir. Şöhratly ata-babalarymyzyň asylly däplerini mynasyp dowam etdirýän ýaş harby gullukçylaryň neslini terbiýeläp ýetişdirmek alnyp barylýan işleriň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow okuw we dolandyryş binasynyň girelgesine tarap ugraýar. Bu ýerde harby mekdebiň okuwçysy täze toplumy açyp bermek haýyşy bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlenýär.

Dabaraly pursat ýetip gelýär: ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär we binanyň içine girýär.

Binanyň eýwanynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzy harby mekdebiň okuwçylary mübärekleýärler. Olar gülläp ösýän eziz Watanymyzy, beýik şöhratly ýolumyzy wasp edýän goşgulary ýerine ýetirýärler.

Döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda ömrüni Watana, halka gulluk etmäge bagyşlan we ildeşleriniň çuňňur hormatyna eýe bolan garry atasynyň heýkeline gül çemenini goýup, onuň ýagty ýadygärligine tagzym edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan harby okuwçylara sowgatlar gowşuryldy hem-de döwlet Baştutanymyz olaryň haýyşy boýunça ussat mugallym, watançy esger Berdimuhamet Annaýewiň binanyň eýwanynda oturdylan heýkeliniň öňünde ýadygärlik surata düşdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan innowasion muzeýine barýar. Bu ýerde harby gullukçy döwlet Baştutanymyzy birnäçe bölümden ybarat muzeýiň işi bilen tanyşdyrdy. Ýaş nesli terbiýelemek işine uly goşant goşan we Beýik Watançylyk urşunyň söweşlerinde gaýduwsyzlyk, edermenlik görkezen Berdimuhamet Annaýewiň durmuş, zähmet, söweş ýoly barada gürrüň berýän taryhy gymmatlyklar, foto we wideoşekiller muzeýiň esasy aýratynlygydyr.

Muzeýde Gahryman Arkadagymyzyň kakasy, hormatly Prezidentimiziň atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowa bagyşlanan gymmatlyklar hem ýerleşdirilipdir. Olar döwlet Baştutanymyzyň atasynyň içeri işler edaralarynda işlän döwrüne degişli tehnikalaryň kiçeldilen nusgalarydyr we gulluk resminamalarydyr. Mälikguly aganyň ömür we zähmet ýoly häzirki döwürde ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.

«Mertler Watany beýgeldýär» atly bölüm türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işlerine we watançylyk mekdebine bagyşlanýar. «Şöhratly geçmişden buýsançly geljege» atly bölüm Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň giň gerimli işleri barada gürrüň berýär.

Muzeý gymmatlyklary bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz okuw we dolandyryş binasynda ýerleşýän elektron kitaphana bardy hem-de kitap gaznasy, onuň enjamlaşdyrylyşy, sanly tehnologiýalaryň döwrebap mümkinçiliklerinden peýdalanmagy şertlendirýän işiniň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Bu ýerde zerur bolan kitaplary we degişli maglumatlary gözlemek üçin ýörite sensorly monitorlar oturdylypdyr. Döwrebap web programma ornaşdyrylan kompýuter toplumlary kitaplary elektron görnüşde okamaga mümkinçilik berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaş nesle terbiýe bermekde ägirt uly ähmiýeti bolan kitaplary bu ýerde aýratyn orny eýeleýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz taktiki söweşe taýýarlanmak üçin niýetlenen okuw otagyna bardy. Bu ýerde harby gullukçy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny sanly ulgam arkaly harby okuwçylary okatmagyň aýratynlygy bilen tanyşdyrdy.

Döwrebap enjamlar, programma üpjünçiligi islendik howa, şol sanda meýdan şertlerinde taktiki we söweş hereketlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu otag türgenleşigiň geçişini synlamak, taktiki taýýarlygyň netijelerine baha bermek üçin ýörite monitorlar, wirtual hakykata aralaşdyrýan äýnekler, ylgaw meýdançasy, serwer we kompýuter simulýatorlary, bronirlenen harby tehnikanyň simulýatory bilen enjamlaşdyrylandyr. Bularyň ählisi okuwçylary hemmetaraplaýyn taýýarlamagyň, olary söweşjeň häsiýetde terbiýelemegiň ýokary derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň binalar toplumy bilen tanyşlygyň dowamynda 1 müň orunlyk mejlisler jaýyna baryp gördi. Soňra hormatly Prezidentimiz robototehnika otagyna bardy we harby okuwçylary robotlary hem-de uçarmansyz uçýan enjamlary dolandyrmaga taýýarlamagyň usulyýeti bilen giňişleýin gyzyklandy.

Robototehnika sapaklary geljekki Watan goragçylarynyň innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly nazary we amaly wezipeleri çözmäge gyzyklanmalaryny artdyrýar. Uçarmansyz uçýan enjamlary dolandyrmak üçin ýeterlik taýýarlyk zerurdyr. Sanly düzümi bolan uçarmansyz uçýan döwrebap enjamlaryň kömegi bilen harby okuwçylar nazaryýetde alan bilimlerini tejribe bilen utgaşdyryp bilerler. Bu düzümleri ulanmak köp wezipeleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär. Ýörite simulýator okuwçylara uçarmansyz uçýan enjamlar bilen doly tanyşmaga, olary dolandyrmagyň endiklerini ele almaga şert döredýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz sport toplumyndaky lazerli türgenleşik otagyna baryp, söweşjeň tilsimleri özleşdirýän harby okuwçylaryň türgenleşikleriniň guralyşy bilen tanyşdy. Bu otag toparlaýyn türgenleşikler üçin niýetlenendir. Onda ýaraglary we esbaplary saklamak üçin bölüm, esasy oýun meýdançasy bar. Türgenleşikler üçin lazer sensorly ýörite başgaplar, elektron ýaraglar, ýokary duýujylykly goranyş serişdeleri ulanylýar. Harby okuwçylar toparlara bölünip, emeli päsgelçilikleriň arasynda söweş tilsimlerini ele alýarlar.

Döwlet Baştutanymyz atyş taýýarlygyny geçmek üçin niýetlenen otaga geldi, soňra bolsa “Bodyflight” diýlip atlandyrylýan ýörite ýere bardy.

Bu ýerde durmuş hakykatyna ýakyn şertlerde paraşýutçylaryň türgenleşikleri üçin ýörite enjam oturdylypdyr. Ýöriteleşdirilen howpsuz türgenleşik enjamy dik aerodinamiki turbadan ybarat bolup, onuň içinde howa akymy döredilýär. Enjam adama uçardan bökmegiň täsirlerini duýmaga, howada durnukly saklanmaga, paraşýutçynyň hereketlerini özleşdirmäge, bu babatdaky bilimlerini kämilleşdirmäge, öz bedenini dolandyrmagy öwrenmäge mümkinçilik berýär. Paraşýutçynyň simulýatorynyň ulanylmagy türgenleşikleriň üstünlikli geçmegini şertlendirýär. Döwlet Baştutanymyz harby okuwçylara paraşýutda bökmäge tälim bermek üçin niýetlenen bu enjamy ulanmagyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynda zehinli ýaş Watan goragçylarynyň neslini kemala getirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri, dürli harby hünärleri özleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Bu ýerde harby okuwçylaryň bilimleri üstünlikli ele almaklary, ýaşaýşy, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler göz öňünde tutulandyr.

Hormatly Prezidentimiz ýaş nesle bilim-terbiýe bermek meseleleriniň döwletimiz tarapyndan hemişe üns merkezinde saklanylýandygyny belläp, harby mekdebiň okuwçylaryny we mugallymlaryny täze toplumyň açylmagy bilen gutlady hem-de olara okuwda, häzirki zaman bilimlerini, innowasion tehnologiýalary özleşdirmekde üstünlikleri arzuw etdi. Munuň özi Ýaragly Güýçlerimiziň ähli goşunlarynyň häzirki wagtda iň täze harby tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilýändigi nukdaýnazaryndan hem aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Ýaşlar baradaky hemmetaraplaýyn aladalary, harby mekdebiň täze binalar toplumyny dabaraly açyp berendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mekdebiň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň, ähli harby gullukçylaryň adyndan çuňňur hoşallyk beýan edildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz okuw we dolandyryş binasyna tarap ugrady. Ýol ugruna döwlet Baştutanymyz Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň direktoryna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow harby bilim edarasynyň Hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp we hemmeleri şanly waka bilen gutlap, Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

* * *

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Aşgabat ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň hatarynda ornuny berkidýär. Paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrundaky taýsyz tagallalary “Aziýanyň merjeni” diýlip ykrar edilen şäherimiziň okgunly ösüşinde öz beýanyny tapýar. Hemmetaraplaýyn ösen şäheriň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýän Aşgabadyň durmuş infrastrukturasy yzygiderli ösdürilýär, binagärlik toplumlarynyň üsti täze binalar we desgalar bilen ýetirilýär. Aşgabat şäher häkimliginiň pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümini, Baş bilim, Medeniýet müdirliklerini öz içine alýan toplumynyň bina edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.

Şanly waka mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Toplumyň binasynyň öňünde uly toýa mahsus baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ruhubelentlik bilen garşylanyldy. Täze toplumyň öňünde sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy wasp etdiler.

Soňra ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý bagyny kesýär. Şeýlelikde, paýtagtymyzyň taryhy merkeziniň keşbini has-da gözelleşdirýän Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy açylýar. Şol pursat asmana dürli reňkli şarlar uçurylýar.

Hormatly Prezidentimizi bagtyýar çagalar joşgunly goşgy setirlerini aýdyp, mähirli garşyladylar. Soňra döwlet Baştutanymyz körpeleriň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz binanyň içine girip, toplum bilen tanyşdy. Bu ýerde işgärleriň döwrüň talaplaryna laýyklykda netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň şäher wideogözegçilik merkezi otagyna bardy we ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Hünärmen hormatly Prezidentimizi mähirli mübärekläp, doly awtomatlaşdyrylan dispetçer otagynyň işi bilen tanyşdyrdy. Bu otagda gurnalan hem-de döwrebap programma bilen üpjün edilen kompýuterler arkaly Aşgabat şäheriniň çägindäki seýilgählere wideogözegçilik amala aşyrylýar. Munuň özi ak mermerli paýtagtymyzyň arassaçylygynyň we abadançylygynyň üpjün edilmegine ýardam berer.

Hünärmen Gahryman Arkadagymyza hem-de ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza şeýle ajaýyp binany gurduryp berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz hünärmene alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz toplum bilen tanyşlygyny dowam edip, onuň umumy orta bilim bölümine geldi.

Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň hünärmeni döwlet Baştutanymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hünärmen döwlet Baştutanymyzy “e-Mekdep” ulgamy bilen tanyşdyrdy. Bu ulgam maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylyşyny işjeňleşdirmek esasynda bilim bermegiň hilini gowulandyrmakdan ybarat bolup, onuň üsti bilen ata-eneler öz çagalarynyň ýetişigi, okuwa gatnaşygy, gündelik geçilen temasy, öý işi we alýan bahalary bilen tanşyp bilýärler. Şeýle-de ol mekdeplerde okuw işleriniň guralyşyna, okuwçylaryň gatnaşygyna, derse ýetişigine, kabul edilýän okuwçylaryň sanyna, mugallymlaryň geçen sapaklaryna, okuwçylaryň alýan bahalaryna seljerme bermäge, her bir okuwça şahsy okuw maslahatlarynyň berilmegine şert döredýär.

Hünärmen ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary ugrundaky tagallalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. 

Paýtagtymyzda binalaryň gurluşygy häzirki döwrüň ösen binagärlik talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ata Watanymyzyň baş şäheriniň nurana keşbinde halkymyzyň baý medeni mirasy, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn artýan kuwwaty aýdyň şöhlelenýär.

Toplumyň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde halkara ölçeglere laýyk gelýän amatlyklar işgärleriň we hünärmenleriň mynasyp zähmet şertlerini guramaga mümkinçilik berýär. Şunda Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň esasynda goýlan “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge öz mynasyp beýanyny tapýar.

Köp gatly binadan ybarat bu toplumda 300 orunlyk mejlisler zaly, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 110-dan gowrak iş otagy, 120 orunlyk naharhana, tehniki desgalar bar. Iş otaglary işgärleriň netijeli zähmet çekmegi üçin zerur enjamlar, şol sanda kompýuterler, mebeller we beýleki degişli serişdeler bilen üpjün edilip, bu ugurda bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.

Toplumyň içki bezegine häzirki zaman suratkeşleriniň nakgaş eserleri aýratyn görk berýär. Topluma ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi. Suw çüwdürimi guruldy, agaç nahallarynyň köp sanlysy oturdyldy, dürli güller ekildi. Umuman, bu ajaýyp bina paýtagtymyzyň gözel binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy we hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.




02.09.2024, 17:09


Hormatly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bagtyýar çagalygyň ýurdy, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalar döwlet tarapyndan aýratyn uly üns-alada bilen gurşalýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe, sagaldyş-dynç alyş toplumlary gurlup, bagtyýar çagalaryň düýpli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi, olarda ýokary ahlak sypatlarynyň kemala getirilmegi üçin amatly durmuş şertleri döredilýär. Türkmenistan çagalygy adamyň ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär we ösüp gelýän ýaş nesilleri jemgyýetimizde doly derejeli durmuşa taýýarlamagy, olarda döredijilik işjeňligini, ukyp-başarnyklary ösdürmegi, ýokary ahlak häsiýetlerini, watançylyk, raýatlyk duýgularyny terbiýelemegi ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitleýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen «Türkmen Ekspo» kompaniýasynyň bilelikde guraýan bu sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň körpeler, mekdep okuwçylary, talyplar üçin niýetlenen ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, döwrebap önümleri, okuw esbaplary, elektron harytlary hödürleniler. Şeýle hem sergi-ýarmarkanyň çäklerinde bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalara özara tejribe alyşmaga mümkinçilik dörediler. Çagalar üçin dürli ugurlarda ussatlyk sapaklarynyň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar, täzelikler bilen tanyşdyrylmagy bolsa bu giň möçberli çäräniň ähmiýetini has-da artdyrar.

Hormatly adamlar!

Gadyrly myhmanlar!

Häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli we üstünlikli amala aşyrýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň, çagalaryň saglygyny, bähbitlerini hem-de hukuklaryny goramak ýaly örän möhüm ugurlar boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda çagalar hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalara innowasion önümlerini we hyzmatlaryny görkezmäge mümkinçilik dörediler. Sergi-ýarmarkanyň dürli öwüşginli ekspozisiýalarynyň dünýäniň ýurtlaryndan halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň, çagalar üçin önümler pudagynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekjekdigine berk ynanýaryn.

Bu halkara çäre Türkmenistanyň medeni we işewürlik durmuşynda möhüm waka öwrüler. Çünki ol diňe bir işewürleriň mümkinçiliklerini görkezmekleri üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ene-atalar we çagalar üçin hem özboluşly baýramçylyk çäresi bolar.

Hormatly sergi-ýarmarka gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Sizi «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.


https://mincom.gov.tm/tk/news/1052/

19.08.2024, 11:08


12-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň aýry-aýry meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy telefon arkaly söhbetdeşligiň geçirilmegini goldandygy üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ýola goýlan gatnaşyklara örän ýokary baha berýändigini we bu gatnaşyklary ähli ileri tutulýan ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Şunda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň diňe ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri hem ýola goýlan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, iki ýurduň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary ösdürmegiň we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ýapon gatnaşyklarynda söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidigi bellenildi.

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.


https://mincom.gov.tm/tk/news/1040/

13.08.2024, 10:08


Türkmenistanyň wekiliýeti «Ýaş mugallymlar we öwrenijiler üçin tomusky institut» atly halkara innowasion taslama gatnaşýarlar. Taslama N.A.Dobrolýubow adyndaky Nižegorod döwlet lingwistik uniwersitetinde badalga berildi.

Şu ýyl NDLU dünýäniň 11 ýurdundan: Hytaýdan, Hindistandan, Argentinadan, Belarusdan, Ermenistandan, Moldowadan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan 35 ýaşa çenli bolan ylym-bilim işgärleriniň 25-sini bir ýere jemledi.

Biziň ýurdumyzdan taslama Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus umumybilim berýän mekdebiniň wekilleri gatnaşýarlar.

Russiýa Federasiýasynyň ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Dmitriý Afanasýew taslama resmi taýdan badalga berip, ýaş alymlaryň hünär taýdan ösmekleri üçin şertleri döretmegiň wajypdygyny belledi hem-de «Tomusky institutyň» çäklerinde taslama gatnaşyjylaryň öz bilimlerini çuňlaşdyrmaklary bilen birlikde, täze kärdeşlerini we pikirdeşlerini tapyp biljekdiklerine ynam bildirdi.

N.A.Dobrolýubow adyndaky NDLU-nyň rektory, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Žanna Nikonowanyň çärä gatnaşyjylara ýüzlenmesinde belleýşi ýaly, uniwersitet Tomusky institutyň halkara toparlaryna öz myhmansöýer gapylaryny açyşy birinji gezek däl. Dünýäniň 11 ýurdunyň we guramalaryň 24-siniň gatnaşmagy şu möwsümde buýsançlydyr we iň ýokary görkezijidir. Ýokary okuw mekdebiň rektory «Tomusky institut-2024»-iň köptaraply, howpsuz, depginli we öňdebaryjy dünýäni bilelikde gurmak baradaky asylly maksatlara hyzmat etjekdigine hem-de bir ugra bakýan berk köp medeniýetli akademiki maşgalanyň kuwwatyny has-da artdyrjakdygyna şek-şübhe ýokdugyny nygtady.

Taslama «Maglumat jemgyýeti we durmuşy kommunikasiýalar» atly giriş häsiýetli bilim toplumynyň çäklerinde okuwlary, «Nižnyý Nowgorod – ylmy giňişlik 4.0» maksatnamasyny, hyzmatdaş guramalaryň üçüsinde – Innopolis Uniwersitetinde, N.P.Ogerew adyndaky Milli ylmy-barlag Mordowa döwlet uniwersitetinde we Powolžsk döwlet tehniki uniwersitetinde (Wolgateh) medeniýetara ylmy-aragatnaşyk iş-tejribeleriniň geçirilmegi arkaly hünär ýokarlandyryş çäreleriniň tapgyryny özünde jemleýär.

Myhmanlar üçin «ArtScience-aralaşmasy: Russiýanyň sebitlerdäki paýtagtlarynyň medeni, innowasion, bilim gurşawy» atly medeni-dynç alyş maksatnamasy taýýarlanyldy. Oňa Nižegorod oblastynyň, Tatarystanyň, Mordowiýanyň we Mariý El Respublikasynyň şäherleri boýunça gezelençler girýär. Olaryň maksady Russiýanyň sebitleriniň etnomedeniýetini hem-de ylym-bilim kuwwatyny bilelikde öwrenmekden ybaratdyr.

Taslama Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň hem-de «Sosiologik barlaglar merkezi» diýlen Federal döwlet awtonom ylmy edarasynyň goldaw bermeginde durmuşa geçirilýär.

Anastasiýa Kasýanowa


https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/86254

06.08.2024, 12:08


Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň binasynda «Sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň innowasion ýollary» atly tegelek stol geçirildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berildi.

Onuň çäginde aragatnaşyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary ýurdumyzyň pudaklarynda we edara-kärhanalarynda täze maglumat hyzmatlarynyň we ulgamlarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy bilen bagly amal edilýän ädimleriň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Tegelek stola gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda sanly hyzmatlaryň ornaşdyrylmagynda, şunuň netijesinde pudaklaryň döwrebaplaşdyrylmagynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň eýeleýän ornuny bellediler. Ýurduň aragatnaşyk operatorlarynyň işiniň tapgyrlaýyn esasda kämilleşdirilmegi telefon aragatnaşygynyň, internetiň, onlaýn-poçtanyň, sanly ykdysadyýetiň, kiberhowpsuzlyk we hemra aragatnaşygynyň üznüksiz we ýokary hilli işlemegini üpjün etmek boýunça hünärmenleri taýýarlamak ýaly ähmiýetli ugurlary özünde jemleýär.

Bitewi we sazlaşykly aragatnaşyk ulgamyny döretmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn orun berildi. Bu barada «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň sanly ykdysadyýetiň ösüşi boýunça müdirliginiň baş hünärmeni Annamuhammet Kerimow belledi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde möhüm maglumat kommunikasiýalar merkezi bolup, sebitiň ähli künjekleriniň arasynda durnukly aragatnaşygyň üpjün edilýändigini bellendi. Hünärmen Türkmenistany Gazagystan, Özbegistan, Eýran we Owganystan bilen birleşdirýän halkara optiki süýümli magistralyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Ýurdumyzda maglumat merkezleriniň we içerki serwerleriň netijeliligini ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek üçin täsirli strategiýany durmuşa geçirmek üçin berk binýat goýuldy. Bu çäreleriň hemmesi internetiň tizligini ýokarlandyrmaga, netijede sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini giňden açmaga gönükdirilendir. Hünärmeniň belleýşi ýaly, «Bir penjire» — «e.gov.tm» Döwlet hyzmatlary portalyndaky şahsy otaglaryň sany 53 müňe ýetdi diýen ýaly. «Sanly çözgüt» diýen at bilen geçirilýän innowasion taslamalaryň bäsleşigi bolsa sanly hyzmatlary we mümkinçilikleri hödürlemekdäki ädimleriň kämilleşmegine itergi berýän faktor bolup hyzmat edýär. Şeýlelikde, geçen ýyllarda ýurdumyzyň ýaş programmistleri müňe golaý geljegi uly taslamany döretmegi başardylar.

Bu ýerde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň mugallymy Çemen Welhanowa hem çykyş edip, Döwlet hyzmatlar portalynyň raýatlarymyz üçin hödürleýän giň şert-mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Ol Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri hakynda söhbet etdi. Şäherde sim geçirijisiz Wi-Fi toruna girmek üçin zonalar döredilip, binalara iň häzirki zaman «GPON» tehnologiýasy ornaşdyryldy. Ilatyň sanly zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin «Smart Home» we «Smart City» hyzmatlary üpjün edilýär. Mugallym Watanymyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygyny beýan etdi.

Tegelek stoluň barşynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň sanlaşdyrylmagyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýeti aýratyn bellendi.











https://mincom.gov.tm/tk/news/983/


18.07.2024, 12:07


«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň edara-binalary ýurdumyzyň ähli künjeginde ýerleşip, aragatnaşyk ulgamynyň amatly we giň gerimli hyzmatlaryny yzygiderli artdyrýar.

Uzak möhletli ykdysady ösüşiň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan işe goýberilen halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlary we üstaşyr akymlary ýurdumyzyň innowasiýa ýoly bilen öňe gitmeginiň esasy ugurlarynyň biri boldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda 8 sany döwletara optiki süýüm maglumat geçiriş ulgamlary hereket edýär. Olar: Aşgabat – Guçan (Eýran), Türkmenabat – Alat (Özbegistan), Daşoguz - Gürlen (Özbegistan), Garabogaz – Kendirli (Gazagystan), Kerki – Akina (Owganystan) ugry boýunça 2 sany birikme we Serhetabat – Gerat (Owganystan) ugry boýunça 2 sany birikme aragatnaşyk ulgamlarydyr.

Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça 47 940,224 km aragatnaşyk ulgamlary hereket edip, olardan 12 252,855 km optiki aragatnaşyk ulgamy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň Transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, şeýle hem, üstaşyr aragatnaşyk akymlarynyň möçberlerini artdyrmak we täze halkara optiki-süýümli birleşmeleriň üstünde işlemek baradaky beren tabşyryklaryndan ugur alyp, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi halkara bähbitli maglumat-aragatnaşyk geçelgelerini giňeltmek we özgertmek wezipelerine uly ähmiýet berýär..













https://mincom.gov.tm/tk/news/985/

17.07.2024, 18:07


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. 12-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen hasabatda toplumyň üstünlikleri giňişleýin beýan edildi.

 

Görkezijileriň ösüşi

 

Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 116,8 göterime deň boldy. Munuň özi ýurduň ykdysadyýetine oňyn täsir edýän pudagyň ýokary netijeliligini we dinamiki ösüşini görkezýär.

 

Ýük we ýolagçy gatnawlary

 

Şu ýylyň birinji ýarymynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary boýunça ýük daşamagyň ösüş depgini 105 göterim, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 103,4 göterim berjaý edildi.

 

Agentlikleriň işleriniň netijeleri

 

Ýanwar — iýun aýlarynda agentlikler boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşinde şeýle netijeler bellige alyndy.

 

«Türkmendemirýollary» agentligi — 105,1%;

 

«Türkmenawtoulaglary» agentligi — 110%;

 

«Türkmenhowaýollary» agentligi — 149,4%;

 

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi — 109,7%;

 

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi — 112,7%.

 

Sanly ykdysadyýetiň ösüşi

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da aýdyldy. BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde pudagara elektron maglumat alşygy ulgamyny ornaşdyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar.

 

Täze degalaryň gurluşygy

 

M.Çakyýew ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini hem aýtdy. Munuň özi infrastruktura taslamalaryny we ykdysady ösüşiň gazanylmagyna goşant goşýan, galyberse-de, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrýan täze logistika merkezlerini özünde jemleýär.

 

Hasabat döwründe halkara forumlaryň we bilelikdäki iş toparlarynyň mejlisleriniň birnäçesi geçirildi.

















https://mincom.gov.tm/tk/news/980/

13.07.2024, 18:07