Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp dürli kitaplar çap edildi. Bu kitaplar hünärmenleriň, şeýle hem Gündogaryň akyldary, türkmen halkynyň görnükli şahyrynyň döredijiliginiň muşdaklaryny özüne çeker. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, «Beýik Magtymguly we türkmen durmuşy» atly makalalar ýygyndysynda şahyryň ýaşan we döreden taryhy döwrüne häsiýetnama berilýär, onuň paýhasly şygryýetiniň we ynsanperwer garaýyşlarynyň türkmen halkynyň ahlak gymmatlyklaryna hem ruhy dünýäsine täsiri açylyp görkezilýär.
«Magtymguly – ylham çeşmesi» atly başga bir ýygyndyda Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň köptaraply döredijilik mirasyny giňişleýin öwrenmek bilen baglanyşykly ylmy makalalar jemlenipdir.
Gurbandurdy Geldiýewiň «Magtymgulynyň döredijiliginde ýer-ýurt atlary we olaryň poetikasy» atly monografiýasy Magtymguly Pyragynyň eserlerinde duş gelýän geografik atlaryň manysyny düşündirmäge we olaryň çeperçilik gymmatlyklarynyň poetika arkaly açylyşyna bagyşlanýar.
Tanymal alym Ahmet Mämmedowyň «Magtymguly türki halklaryň edebiýatynda» atly kitabynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we şygryýetiniň türki halklarynyň medeniýetine ýetiren täsiri barada geçiren köpýyllyk gözlegleriniň netijeleri jemlenipdir. Onda türki dilli alymlaryň we ýazyjylaryň türkmen nusgawy şahyrynyň öçmejek eserlerini öwrenişleri, Magtymguly Pyragynyň goşgy ýygyndylarynyň türki dillerdäki dürli neşirleri barada maglumatlar berlipdir.
2024-nji ýylyň 21-22-nji martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda geçiriljek «Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni» mynasybetli baýramçylyk günlerinde 72-lik «Awtokombinat — Türkmeniň Ak öýi» ugry ýola goýulýar. Awtobus gatnawy 2024-nji ýylyň 21-nji martyndan başlap hereket eder. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ilatyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli, medeniýetli bolmagyny gazanmakda uly işleri durmuşa geçirýär.
Şu günki günde Türkmenistanyň raýatlary «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň golaýda ýerleşýän islendik bölümine baryp, ýurduň dürli ýerine pul serişdelerini tiz we ygtybarly iberip bilerler.
Pul geçirimi amala aşyrmak üçin pul serişdesini iberiji pasportyny ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga bir resminamasyny görkezmelidir.
«Türkmenpoçta» arkaly pul geçirilende tutulýan ýygymyň möçberi iberilýän puluň mukdaryna baglylykda, onuň 1 göteriminden 5 göterimine çenli bolýar.
Eger-de alyjy iberilen puly onuň ýollanan gününden 30 senenama gününiň dowamynda kabul etmedik ýagdaýynda ýa-da belli bir sebäbe görä pul serişdesi iberijä hyzmat edýän poçta bölümine eltilmedik bolsa, onda ol iberijä yzyna gaýtarylyp berilýär. Bu ýagdaýda iberijä 5 günüň dowamynda puluň yzyna gaýtarylýandygy barada habar berilýär.
Iberijiniň yzyna gaýtarylýan pul serişdesini almak üçin poçta bölümine gelmedik ýagdaýynda bolsa, operator ony 3 ýyllyk möhlet bilen kompaniýanyň hasabyna geçirýär. Bu möhletiň dowamynda iberiji puly talap etmediginiň sebäbini görkezip, ony yzyna alyp biler.
Müşderi gaýtarylan pul serişdesini poçta bölümine baryp alyp bilmedik ýagdaýynda hem, ony öz salgysyna eltip bermeklerini sargyt edip biler.