Hormatly halkara ýaryşa gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda myhmansöýer türkmen topragynda geçirilýän tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Eziz Diýarymyzyň sport taryhynda möhüm waka boljak bu ýaryşyň sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, tennis boýunça ýaş türgenleriň ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.
Biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, ussat türgenleri, tälimçileri we bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine hem aýratyn üns berýäris. Sporta gadymy döwürlerden bäri parahatçylygyň we dostlugyň nyşany hökmünde garan ata-babalarymyzyň asylly ýoluny dowam etdirip, biz sporty dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň ählumumy serişdesi hasaplaýarys.
Hormatly ýaryşa gatnaşyjylar!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde köpugurly stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, aýlawlar, sport mekdepleri we beýleki desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde täze wezipeler goýlup, türkmen sportuny dabaralandyrmak, ýurdumyzy mundan beýläk-de halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän döwrebap merkezine öwürmek göz öňünde tutulýar. Şu nukdaýnazardan, Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sporty maksatnamalaýyn ösdürmek ugrunda döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde, ata Watanymyzda iri sport ýaryşlarynyň, şol sanda Aziýa oýunlarynyň, yklym birinjilikleriniň, dünýä çempionatlarynyň ýokary derejede guralmagy üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär.
Mälim bolşy ýaly, dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan, sebitimiziň iň döwrebap sport desgalar toplumy bolan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynyň binýadynda halkara sport guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlykda birnäçe halkara sport ýaryşlary geçirildi. Şolaryň hatarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Agyr atletika hem-de Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň, sebitleýin halkara sport bäsleşikleriniň üstünlikli geçirilendigini buýsanç bilen bellemelidiris.
Hormatly halkara ýaryşa gatnaşyjylar!
Biz ýurdumyzda sportuň tennis görnüşini ösdürmäge uly üns berýäris, bu ugurda amatly şertleri we mümkinçilikleri döredýäris. Ýakynda bolsa Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň “Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi” diýlip yglan edilmegi hem-de degişli güwänamanyň gowşurylmagy uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzda tennis boýunça milli ýaryşlar yzygiderli geçirilýär, ýaş tennisçilerimiz halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Şu halkara ýaryşyň hem Diýarymyzda sportuň tennis görnüşiniň ösdürilmegine uly itergi berjekdigine ynanýaryn.
Hormatly halkara ýaryşa gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň sport baýramçylygy ruhunda geçirilýän günlerinde daşary ýurtly myhmanlarymyzyň türkmen halkynyň myhmansöýerligi bilen ýakyndan tanyşjakdyklaryna we olaryň kalbynda güneşli ýurdumyz hakynda ýakymly duýgularyň galjakdygyna berk ynanýaryn.
Sizi tennis boýunça halkara ýaryşyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, bu ajaýyp sport baýramçylygy dostlugy, sagdynlygy we ruhubelentligi dünýä ýaýsyn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, rowaçlyk, sportda we durmuşda uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
https://mincom.gov.tm/tk/news/1228/
SpaceX kompaniýasy Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilýän Türkmentel-2024 halkara ylmy maslahatyna gatnaşmagyny tassyklady. Kompaniýanyň satuw bölüminiň direktory Yelena Pyşer bu möhüm çärede amerikan kosmos kompaniýasyna wekilçilik eder.
Maslahat 14-nji - 16-njy noýabr aralagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.
https://mincom.gov.tm/tk/news/1223/
“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Çapar Pay köpugurly gollanmasynda indi peýdaly USSD-haýyşlaryny we “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk milli operatorynyň gysga belgilerini ugradyp bolýar.
Şeýlelikde, Google Play-da we App Store-da elýeterli bolan Çapar Pay goşundysynyň kömegi bilen ulanyjylar häzirki balansy barada maglumat alyp bilýärler, şeýle hem, oparatora jaň edip, gudoga derek saz goýup, gerekli dili saýlap bilýärler.
Şeýle-de bu programma ulanyja amatly tarif meýilnamasyna birikmäge, dürli göwrümli internet-bukjalaryny almaga mümkinçilik berýär.
Çapar Pay goşundysynyň başga mümkinçilikleriniň arasynda – jemagat hojalyk hyzmatlarynyň hasaplaşyklary, howa petekleriniň satyn alynmagy, gowy görýän hyzmatlara ýazylyşyklaryň dowam etdirilmegi we ykjam telefonuň balansynyň köpeldilmegi. Programmanyň kömegi bilen bank kartasy arkaly Belet film ýazylyşygynyň tölegini, çagalar bagynyň tölegini amala aşyrmak we Türkmenistanyň ähli edaralarynyň telefon belgileri bilen tanyşmak bolýar. Mundan başga-da, gollanma ýol-gözegçilik polisiýasynyň jerimeleiniň barlygyna gözegçilik etmek we olaryň töleglerini amala aşyrmak, Türkmenistanyň tutuş çäginde hatlaryň, iberişleriň we ýükleriň eltip berilmelerini düzetmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň we ugurdaş sergisiniň çäklerinde Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Iki günläp dowam edýän wekilçilikli forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik, depginli ykdysady öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Diýarymyzyň üstünliklerini beýan etmäge gönükdirilendir.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli ornaşan häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar.
Bu öz gezeginde, dünýä bileleşiginde, ilkinji nobatda bolsa, türkmen tarapy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga isleg bildirýän goňşy we alysdaky ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerinde uly gyzyklanma döredýär.
Şu gezekki foruma gatnaşýanlaryň uly toparynyň bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Onuň düzüminde ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleri hem-de dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, hususan-da, ýokary tehnologik enjamlary öndürijiler we getirijiler, Koreýa Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarus Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Beýik Britaniýadan, Şwesiýadan, Malaýziýadan we beýleki ýurtlardan öňdebaryjy tehnologiýalary we programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylar bar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Oguzabat” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guralan sergi öndürilýän önümler we hödürlenilýän hyzmatlar bilen tanyşdyrmak, uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin amatly meýdança boldy.
Giň gerimli sergi birnäçe bölümlerden ybaratdyr. Bölümleriň atlary olaryň tematiki ugruny kesgitleýär: Suw tygşytlaýjy tehnologiýalar; Maliýe tehnologiýalar; Bilim tehnologiýalary; Senagat tehnologiýalary; Elektron söwda (Marketpleýs); Ekologiýa we durnukly ösüş; Lukmançylyk we biotehnologiýa; “Akylly” şäher we gurluşyk; Ulag-logistika; Oba hojalyk we onuň tehnologiýalary; Energetika we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri; Maglumat tehnologiýalary we sanly özgeriş.
Programma üpjünçiliginiň işläp taýýarlamalaryna we IT hyzmatlaryna, işewürlik hem-de döwlet edaralary üçin programma çözgütlerine bagyşlanan diwarlyklar ýygnananlarda aýratyn gyzyklanma döretdi.
Döwlet düzümleri – ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň 50-den gowrak hususy kompaniýalary öz pawilýonlaryny sergide ýaýbaňlandyrdylar.
Innowasiýalary mundan beýläk hem ornaşdyrmak babatda bilelikdäki işleriň mümkinçilikleriniň maslahatlaşmalary günüň ikinji ýarymynda açylan Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň çäklerinde dowam etdi.
Özara gyzyklanma eýe bolan dialoga gatnaşmaga ýurdumyzyň bilim we ylmy edaralarynyň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlar düzümi, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, birnäçe daşary ýurt kompaniýalaryň hem-de ugurdaş düzümleriň wekilleri çagyryldy.
Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň meselelerine we maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan umumy mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, bilim we ylym, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet Garaşsyzlygymyzyň binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň hereketlendirijisi bolup çykyş edýär.
Häzirki zaman ylmy-tehniki gazanylanlar, bilimler we innowasiýalar ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň, milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagynyň we ähli ulgamlarda öňegidişligiň, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Bitarap Watanymyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň binýady bolup hyzmat edýär.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyz gysga döwrüň içinde iri tehnologiýa ösüşini başdan geçirdi. Munuň özi ýokary tehnologiýalary, kompýuterleri ornaşdyrmagy we iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlän uzakmöhletleýin durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijesinde mümkin boldy.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ylym, tehnika we inowasion tehnologiýalar ulgamynda daşary ýurtlaryň halkara düzümleri we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge hem-de bu ugurda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga hemişe taýýardyr.
https://mincom.gov.tm/tk/news/1102/